NOBATY AWTOMATLAŞDYRMAK
dürli döwlet we täjirçilik edaralarynda (saglyk merkezleri, banklar, demir ýol we howa ulaglary kassalary we ş.m.-ler) müşderileriň akymyny netijeli dolandyrmak üçin zerurdyr.
Bu ulgamyň artykmaçlyklary:
-Müşderilere hyzmat etmegiň amatly bolmagy
-Diri nobatyň bolmazlygy;
-Iş wagtynyň rejeli ulanmagy;
-Hyzmat derejesiniň ýokarlanmagy;
-Hyzmat ediş zallarynda mahabaty maksatlaýyn ýerleşdirmek
Bu ulgam nähili işleýär?
1.Müşderi hyzmat ediş zalynda menýu bentlerinden gerekli hyzmaty seçýär,
Soňra ol nobatyň san belgisi görkezilen petegi alýar.
2. Soňra ol garaşylýan zolaga geçýär.
3. Bir müşderini gaýtarandan soň täze müşderini kabul etmäge taýýar operator düwmä basmak arkaly müşderini çagyrýar.
4. Tabloda hyzmat ediş penjiresiniň belgisi we müşderileriň nobaty görkezilýär.
5. Tablodaky maglumat bilen bilelikde sesli çakylyk berilýär.