ÝOL GERMEWLERI

ÝOL GERMEWLERI

Gurnawlar berk, göçürmek we ulanmak üçin amatlydyr. Birnäçe germewleri aňsatlyk bilen topluma ýygnamak bolar, olar dürli şekildäki çäkleriň daşyny aýlamaga mümkinçilik berýärler. 

Şular ýaly parkowka elementleri ýokary berklige eýe bolan rezinden we metaldan taýýarlanandyr. Munuň özi ýokary ulanyş durnuklylygyny we daşky gurşawyň täsirine garşylygyny üpjün edýär. Tigirler üçin söýegleri we germewleri ulanmak  duralgada tertipliligi üpjün etmäge ýardam eder. Olary islendik tekizliklerde gurnamak mümkindir we siziň awtomobiliziň binanyň diwaryna, witrina ýa-da beýleki awtomobile zeper ýetirmegine we belli bir aralykdan artyk ýöremegine ýol bermez.

"Ýerde ýatan polisaýlar" iki reňkdäki rezinden taýýarlanandyr, bu bolsa olary reňklemek zerurlygyny aradan aýyrýar. Olar has ýowuz şertlerde   birnäçe ýyl ulanandan soň hem  täze ýaly görnüşini saklar.   

«Ýerde ýatan polisaýlar» howly geçelgeleri, hususy sektoryň çäklerindäki geçelgelerde, ýerasty parkinglerde, benzin guýulýan menzillerde we ş.m. ýerlerde ulag serişdeleriniň tizlik iş tertibini  kepillikli çäklendirmek üçin niýetlenendir.

DIWARLAR ÜÇIN GORAG PROFILI 

Maýyşgak penopoliuretandan taýýarlanan duýduryjy we gorag profilleri (dürli reňkde) adamlar, stanoklar we inwentar üçin gorag zolagy bolup hyzmat edýärler, güýçli urgulary özüne siňdirýär, howplar barada duýdurýar hem-de ýokary ygtybarly derejede şikesleriň ýa-da maddy ýitgileriň ýüze çykmagynyň öňüni alýar.

Maýyşgaklygy netijesinde profiller hatda has güýçli urgulary hem özüne siňdirýärler, şol bir wagtyň özünde olaryň sary-gara belgilenmesi gyralary, çykyp duran ýerleri we beýleki päsgelçilikleri bilen baglanyşykly howp barada duýdurýar. Profilleri kärhanalaryň önümhanalarynda ýük daşalýan geçelgelerde, stanoklarda we awtoulag serişdelerinde ýa-da jaýlaryň içinde hem, daşynda hem diwarlarda we geçelgelerde ulanmak bolar. 

Islendik materiallaryň ýüzünde ulanmaga ýaramlydyr (agaç, metal, diwar, tekiz we tozansyz suwagyň ýüzünde).