ÝGŞ ýangyn şkaflary önümçilik we ýaşaýyş jaýlarynda, şeýle hem sosial maksatly binalarda gurnalýar hem-de ýangyn söndürmegiň ilkinji serişdelerini saklamak üçin niýetlenendir. Şeýle hem göterilýän ýangyn söndürijiler bilen enjamlaşdyrylyp biler. Şkaflary gurnamagyň aýratynlyklaryna baglylykda olary aşakdaky ýaly görnüşlere bölýärler:
Asma ýangyn şkaflary - diwaryň ýüzüne berkidilýär (ýangyn suw geçirijisi diwaryň daşynda ýerleşýär).
Gurnama ýangyn şkaflary - diwarlaryň we germewleriň tagçalarynda gurnalýar (ýangyn suw geçiriji diwaryň içinden geçýär).
Gapdaldan söýelýän ýangyn şkaflary – diwaryň ýanynda poluň üstünde ýerleşýärler (tagçalarda ýa-da daş ýüzünde).
Ýangyn şkafynyň standart toplumyna girýärler:
- bekleýji ýangyn klapany,
- basyşly ýangyn şlangy,
- birleşdiriji ujy,
- el bilen ulanylýan ýangyn sapy.
ÝGŞ ýapyk şkafy – bitewi demir gapy bilen üpjün edilendir. Şunuň bilen birlikde gapyjygyň ýüzünde şkafyň içindäkiler barada doly maglumat berilmelidir;
ÝGŞ açyk şkafy – aýna “gözli” demir gapyjygy bardyr. Şular ýaly şkaflar has ileri tutulýar, çünki gurallaryň toplumyny barlamaga we ýagdaýyny anyklamaga, şeýle hem olaryň beglilemeleri bilen gapyny açmazdan görmäge mümkinçilik berýär.