ARALYKDAN DOLANDYRÝLÝAN ÝANGYN SÖNDÜRIJI ROBOTLAR
Demir görnüşdäki halas edijileriň bu toparyna güýçli tüsse hem, partlama hem, radioaktiw zäherlenme hem, zäherleýji we güýçli täsir ediji maddalar hem gorkuly däldir.
Bu “ýangyn söndürijiler” dürli sensorlar, wideogözegçilik ulgamy, ýylylyk wizorlary bilen enjamlaşdyrylandyr, şonuň üçin hem daşky gurşawy has gowy “görýärler” we “saýgarýarlar”. Olarda kuwwatly suw toplary gurnalandyr, olar has gowy “atýarlar”. Mundan başga-da, şassiniň ýa-da zynjyrly tigirleriniň güýçli geçijilik ukybynyň hasabyna ýangyn merkezlerinde dürli üýşmeklerden we päsgelçiliklerden özüne ýol açmagy başarýarlar.
Aralykdan dolandyrylýan robotlary “gyzgyn nokatlara” iberýärler – şular ýaly ýerlerde adam ömri üçin töwekgelçilik has ýokarydyr. Bronirlenen “ýangyn söndürijiler” barmasy kyn bolan tokaý we depeli ýerlerde, tunellerde, himiýa we nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda, sergi zallarynda we söwda merkezlerinde ýangynlary söndürýärler.