ÝANGYN DUÝDURYŞ ULGAMY/Gorag-ýangyn signalizasiýasy

Gorag-ýangyn signalizasiýasyna

şu aşakdaky komponentler degişlidir:

Gözegçilik paneli   gorag-ýangyn signalizasiýasynda köplenç kompýuter görnüşinde bolýar, onda gorag-ýangyn signalizasiýasy üçin ýöriteleşdirilen programma üpjünçiligi gurnalandyr. Kompýuterde ulgamyň işine gözegçilik amala aşyrylýar, şeýle hem gorag-ýangyn signalizasiýasynyň ulgamyny dolandyrmak we sazlamalaryny geçirmek amala aşyrylýar.  

Kabul ediji we gözegçilik abzallary.

Bu gorag-ýangyn signalizasiýasynda maglumatlary jemlemek we işlemek üçin ýöriteleşdirilen enjamlardyr. Olary kabul ediji we gözegçilik panelleri diýip hem atlandyrýarlar. Eger-de gorag-ýangyn signalizasiýasy çendenaşa şahalandyrylmadyk bolsa, goralýan jaý hem uly bolmasa, onda kabul ediji we gözegçilik abzallary gözegçilik paneliniň ornuny tutýarlar.

Sensor gurluşlar

 – gorag-ýangyn signalizasiýasynyň sensorlar we habar beriji gurluşlary. Sensorlar we habar berijiler birnäçe görnüşde bolýarlar, ýöne olaryň islendik birisiniň esasy wezipesi – howplulyk alamatlaryny ýüze çykarmakdan hem-de  gözegçilik paneliniň galagolply signalyny kabul ediji we gözegçilik abzallarynyň üstünden bermekden ybaratdyr. 

Ýerine ýetiriji gurluşar. Bular awtomatiki ýangyn söndüriş komponentleri ýa-da beýleki ulgamlaryň dolandyrylýan elementleri bolup bilerler.  

Habar beriş ulgamlary   - sesi güýçlendiriji enjamlar, sirenalar, translýasiýa ulgamlary. Habar beriş gurluşlarynyň wezipesi – galagolplylyk signalyny bermek. 

Teklip edilýän ulgam özbaşdak ulanyp hem biler, “akylly öý” awtomatlaşdyryş ulgamynyň toplumyna hem girip biler.   


KABUL EDIŞ WE GÖZEGÇILIK ABZALY

ýangyn söndüriş serişdelerini, ugurlaryny we abzalyň tok çeşmeleriniň ýagdaýyny görkezmek bilen ýangyn söndüriş serişdelerini işe goýbermek hakynda yşykly indikasiýany awtomatiki we aralykdan işe goýbermek üçin niýetlenendir. Mundan başga-da, ýangyn dolandyryşy abzaly yşykly we sesli signalizasiýanyň liniýalaryna, şol sanda habar beriji gurluşlara, ýangyn söndüriş serişdeleriniň işe goýberilmegi we abzalyň näsazlygy boýunça  gözegçiligi amala aşyryp biler. 

Kabul ediş we gözegçilik abzalynyň esasy wezipeleri:

-habar berijilerden signallary kabul etmek we işlemek  ;

-habar beriji gurluşlary tok bilen üpjün etmek;

-signalizasiýa şleýfleriniň ýagdaýyny gözegçiligi amala aşyrmak;

-merkezleşdirilen gözegçilik pultuna signallary bermek;

-sesli we ýagtylyk habar berijilerini dolandyrmak;

-desgany gorag astyna almak we goragdan aýyrmak çärelerini ýola goýmak.

ŞLEÝFLI HABAR BERIJILER 

Optiko-elektron tüsse ýangyn habar berijileri  ИП 212-141М dürli binalaryň we desgalaryň ýapyk jaýlarynda pes konsentrasiýaly tüssäniň emele gelmegi bilen bolup geçýän ýangynlary anyklamak üçin niýetlenendir. Habar berijä tok bermek we “Ýangyn” signalyny bermek signalizasiýanyň iki simli şleýfi boýunça amala aşyrylýar we habar berijiniň işe goýberilmegi bilen optiki indikatory hem işe goýberýär.  Habar beriji temperaturanyň, çyglylygyň üýtgemegine, alawyň, tebigy we emeli ýagtylygyň bolmagyna jogap bermeýär.   ИП 212-141М, ИП 212-141, ИП 212-41М, ИП 212-45, ИП 212-95, ИП 212-87, ИП 212-187


 AWTONOM HABAR BERIJILER

Optiko-elektron tüsse ýangyn habar berijileri   ИП 212-50М dürli binalary we desgalaryň ýapyk jaýlarynda pes konsentrasiýaly tüsse bilen bolup geçýän ýangynlary tüsse bölejiklerinden yzyna serpigen optiki şöhlelenmäni hasaba almak bilen  anyklamak we gaty sesli signallar görnüşinde galagolply habarlary bermek üçin niýetlenendir.

ИП 212-50М, ИП 212-50М2, ИП 212-112, ИП 212-142