Şit we stendler

TOPLUMDA AÇYK GÖRNÜŞLI ÝANGYN ŞITI 

Şular ýaly gurluşdaky ýangyn şitlerini aşakdaky gurluşlary we enjamlary belli bir ýerde jemlemek we ýerleşdirmek üçin ulanýarlar:

- ilkinji serişdeler toparyna degişli bolan Ýangyn söndüriş gullugyna degişli bolan serişdeleri;

-el üstünden ulanylýan ýangyn söndürijileri 

-iş gurallaryny

-mehanizmleşdirilmedik inwentary.

Inwentarly ýangyn şiti onda belli bir ilkinji ýangyn söndüriş serişdelerini talaba laýyk ýerleşdirmek üçin  niýetlenendir, dürli görnüşdäki Ýangyn şitlerine toplumlaýjylar üçin şeýle serişdeleriň sanawy hereket edýän kadalaşdyryjy resminamalary tarapyndan göz öňünde tutulandyr.  Bu bolsa belli bir desgada ýangyny söndürmek üçin has netijeli bolan inwentar bilen toplumlaýjy düzümi düzmäge ýardam edýär (ýörite aýratynlyklary hasaba almak bilen).

AÇYK GÖRNÜŞLI ÝANGYN ŞITI 

“Ýangyn şiti” (ÝŞ) diýlip atlandyrylýan önüm desgada şulary tygşytly ýerleşdirmek üçin ulanylýar: 

- ilkinji serişdeler toparyna degişli bolan ýangyny söndüriş serişdelerini 

-ýangyn inwentary

-mehanizirlenen gurallary.

Şular ýaly Ýangyn şiti awtomatik usulda ýangyny söndüriji gurluşlar bolmadyk ýa-da ýangyn suw geçiriji bolmadyk ammarlaryň we önümhanalaryň jaýlary ýaly desgalarda ulanylýar.

ЩП-В; ЩП-А; ЩП-СХ (oba hojalyk kärhanalarynda ulanylýaar).

KOMBINIRLENEN ÝAPYK GÖRNÜŞLI METAL STEND

Ýangyn söndürmek üçin niýetlenen niýetlenen inwentary saklamak üçin niýetlenendir şular ýaly inwentaryň ýangyn stendinde bolmagy kanunçylyk häsiýetine eýe bolan hereket edýän kadalaşdyryjy namalaryň talaplary bilen şertlendirilendir.

Şu gurnawdaky ýangyn şiti çägeni saklamak üçin guty bilen ýerleşdirilendir, bu çägäni ýangyny söndürmek üçin ulanmak bolar.

Bu gurluşy islendik tekiz ýerde ýerleşdirmek üçin gurluş taýdan mümkinçiliginiň bolmagy bu stendi desganyň islendik ýerinde ýerleşdirmäge (jaýyň içinde hem, köçede hem) ýerleşdirmäge we zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda başga ýere dessine geçirmäge mümkinçilik berýär.   

ÝAPYK GÖRNÜŞLI METAL ÝANGYN ŞITI 

Ýangyn şiti olaryň elýeterliligi üpjün edilen ýerlerde we olaryň görünýän ýerlerinde gurnalmalydyr. Önümiň ýanyna geçelgeleriň ugruna zatlary goýmak we ýapmak gadagandyr.

Bir sany ýangyn şiti desganyň çäginiň 500 in. metre barabar meýdany hasaba almak bilen gurnalýar. 

Ýangyn şitiniň ýanynda suwly gap ýerleşdirilýär. 

Bir çelek goralýan desganyň 250-300 in metr meýdany üçin niýetlenendir.

ÇÄGE ÜÇIN ÝANGYN GUTUSY 

Çägäni köp wagtlardan bäri ýangyn söndürmek üçin ulanýarlar. Ony ýangynyň bolup geçýän ýerine mehaniki täsir ýetirmek bilen sepýärler hem-de ýangyny bölekleýin örtmek arkaly oňa gelýän howanyň göwrümini gysgaldýarlar.

Çägäni ulanmagyň ýene bir ugry ýanyjy suwuklyklaryň (dizel ýangyjy, mazut, ýaglar we ş.m.-ler) akmagynyň öňüni almakdan ybaratdyr.

Gutulara guýlan çäge gurak bolmalydyr, düzüminde garyndy, tokgalanan ýerleri bolmaly däldir we ýeterlikçe ürgün bolmalydyr. Onuň ýagdaýyny her çärýekde barlamak gerekdir (barlanan wagtynda gutunyň çuňlugyna garýarlar we zerurlyk ýüze çykanda elekden geçirilýär).

Ýangyn gutulary ýangyn şitleri bilen bilelikde ulanylýar we ýangyny söndürmek üçin ulanylýan ilkinji serişdeleriň toparyna degişlidir. Topragy we çägäni ýangyn söndürmek üçin giňden ulanýarlar. Ýangyn howply desgalarda şular ýaly gutularyň bolmagy hut şunuň bilen düşündirilýär.