Häzirki zaman howpsuzlyk ulgamynda sesli habar beriş ulgamlary uly ähmiýete eýedirler (СОУЭ). Bu ulgamlar adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatlarynda adamlara öz wagtynda habar bermelidirler.
Habarlary ibermegi amala aşyrýan şular ýaly ulgamlaryň wezipeleýin mümkinçilikleriniň sanawy has giňdir. Şonuň üçin-de sesli we sözleýiş görnüşinde habar beriş ulgamlaryny gurnamak üçin enjamlaryň her birisiniň düzümi her bir desga üçin aýratyn taslamalaşdyrylýar we özüne mahsus wezipeleri ýerine ýetirýär.
Gündelik durmuşda biz şular ýaly ulgamlaryň işine has ýygydan duçar bolýarys – uly söwda merkezinde ýa-da kärhanalarda sesli mahabat we fonly saz, menzillerde we aeroportlarda sesli aragatnaşyk, stadionyň we myhmanhananyň aragatnaşyk ýaýlymy – habar beriş ulgamlaryna mysal bolup bilerler.
HABAR BERIŞ ULGAMLARYNY KLASLANDYRMAK.
Görnüşi boýunça:
El üstünden we awtomat usulda dolandyrylýan. Bir zolakly we köp zolakly. Bir kanally we köp kanally.
Ulanyş maksady boýunça:
Desgalar üçin ýa-da ýerli habar beriş ulgamlary.
Merkezleşdirilen habar beriş ulgamlary.
Sözleýiş görnüşindäki habar beriş we göçürmegi dolandyryş ulgamlaryna bildirilýän talaplar.
-Ýangynda habar beriş we göçürmegi dolandyryş ulgamyna ýangyn howpsuzlygynyň talaplary
-Sesli we sözleýiş görnüşindäki habar beriş we göçürmegi dolandyryş ulgamyna ýangyn howpsuzlygynyň talaplary
-Binalarda ýangyn dörände habar beriş we göçürmegi dolandyryş ulgamlarynyň klassifikasiýasy
-Meýdan 1000 in.m.-den uly bolan we belentligi 3 gatdan ýokary bolan islendik binada kada boýunça şular ýaly ulgam gurnalmalydyr.