SPRINKLER
Sprinkler suwaryjy (iňlisçe sprinkler — suwaryjy, pürküji) — ýangyn söndüriş ulgamy, sprinkler gurluşyna gurnalan suwaryjy uçluk (suw geçiriji turbalaryň ulgamy bolup, onda hemişe basyş astynda suw ýa-da howa bardyr). Sprinkleriň deşigi ýylylyk kildi ýa-da ýylylyga duýgur kolba bilen ýapykdyr we 57, 68, 72, 74, 79, 93, 101, 138, 141, 182, 204, 260 we hatda 343°С temperatura derejelerine niýetlenendir. Jaýyň içinde belli bir ululykdaky temperatura dörän ýagdaýynda sprinkleriň kildi bozulýar ýa-da kolba ýarylýar, şonda suw goralýan zolagy suwlamaga başlaýar. Şular ýaly ulgamyň ýetmezçiligi azda-kände inersiýalylygyň bolmagyndan ybaratdyr – uçluklar temperatura ýokarlanandan soň 2-3 minutdan soň açylýarlar.
DRENÇER
Drençer suwaryjy (iňlisçe drench — suwarmak) — awtomatiki ýangyn söndüriş ulgamlarynyň açyk çykyş deşigi bolan suwaryjydyr (pürküji). Drençer gurluşlarynyň suwaryjylarynda ýylylyk kiltleri bolmansoň, şular ýaly ulgamlar ýangyn merkezlerini anyklaýyş daşky gurşawlaryndan, ýangyn habar beriji gurluşlaryndan, şeýle hem drençer gurluşlaryny awtomatiki we uzak aralykdan çatmak üçin niýetlenen ýangyn söndüriji madda bilen doldurylan oýaryjy ulgamlardan ýa-da ýylylyk kildi bolan troslardan signal gelende işläp başlýarlar.
SPRINKLER GEÇIRME GURLUŞY-Asma potolok üçin
Dürli ölçegdäki sprinkler geçirme gurluşy sprinkleri ýa-da drençeri birleşdirmek üçin suwly ýangyn söndüriş ulgamlaryny gurnamakda peýdalanylýar. Poslara, turşulara duýgur bolmadyk oda çydamly polatdan taýýarlanandyr. Taýýar önüm hatda ýokary temperatura derejelerinde hem hiç bir kemçiliksiz häsiýetnamalara eýedir, şonuň üçin-de ýangyn howpsuzlygy gurluşlary bilen ulanmak üçin niýetlenendir.
Maýyşgak sprinkler geçirme gurluşy gofrirlenen turbadan, fitinglerden, berkidiji detallardan ybarat bolan ýygnama toplumydyr. Bu toplumy ulanmak gurnama işlerini çalt we howpsuz ýerine ýetirmeklige ýardam edýär. Maýyşgak geçirme gurluşy üpjün ediji turbalaryň suw pürküjisi bilen ykjam birleşigini üpjün edýär, munuň özi goşmaça detallaryň we zähmet çykdajylaryny mese-mälim tygşytlamaga ýardam edýär. Ýokary derejede üpjünçiligi sebäpli gurnama işlerine has az wagt talap edilýär.
Artykmaçlyklaryа
-Ygtyýarly derejede sepleşme. Ýokary derejede ykjam berkitme.
-Çalt gurnamak mümkinçiligi. Gurluş üçin ýörite gurallar talap edilmeýär.
- Uzak wagtlyk. Poslamaýan materiala ýaramlylyk möhleti degişli däldir. Bütin ulanýan döwründe öz aýratynlyklaryny saklaýar.