ÝANGYN SÖNDÜRIJILER ÜÇIN ÝYLYLYK SERPIKDIRIJI EGINBAŞ TOK-200
ýangyn goragynyň şahsy düzüm birligini ýangynlary söndürmekde we olar bilen baglanyşykly birinji nobatdaky awariýa-halas ediş işlerini geçirende ýokary ýylylyk täsirlerinden, şeýle hem daşky gurşawyň ýaramaz faktorlaryndan goramak üçin niýetlenendir. Kostýum "ALFA MARITEX" (Angliýa) kysymly durnukly materialdan taýýarlanandyr.Kostýum ýaramsyz klimatiki täsirlerden hem goraýar:
- otrisatel temperaturalardan, şemaldan, ygallardan goraýar.
ТОК-200 eginbaşy - 40°С до +40°С temperatura çygryndaky klimatiki zolaklarda ulanmak üçin niýetlenendir
TOK-200 üpjünçilik toplumynda:
-dem alyş enjamy üçin bölümli kurtka - 1sany.
-ýokarlandyrylan guşakly balak–ýarym kombinezon - 1 sany,
-görülýän illýuminator bilen kapýuşon - 1 sany,
- iri şahly mallaryň kesiminden penje ýüzli üç barmakly ellik – 1 jübüt,
-bahillalar (bagjykly) - 1 jübüt,
-gaplaýjy sebet – 1sany,
-ulanyşy boýunça gollanma we pasporty - 1sany.
ÝANGYN-HALAS EDIŞ GUŞAGY
ýangyn söndüriji gullukçylaryň belentliklerde işinde ätiýaçlandyrmak üçin, ýangyn söndürilende we onuň bilen baglanyşykly birinji nobatdaky awariýa-halas ediş işleri geçirilende adamlary halas etmek we ýangyn söndüriji gullukçylaryň öz-özüni halas etmegi üçin, şeýle hem ýangyn paltasyny we karabinini götermek üçin niýetlenendir.
Guşagyň uzynlygyny kemer tokasynyň simi bilen sazlaýarlar we onuň ýangyn söndürijiniň biline ykjam berkidilmegi üpjün edilýär. Karabin saklaýjy guşagyň we karabiniň arasynda ykjam baglanyşygy üpjün edýär, teletin halka – ýangynda dürli işler ýerine ýetirilende guşakda karabiniň ýerleşdirilmegini we berkidilmegini üpjün edýär. Hamyt kemeriň tokasy ildirilen ýagdaýynda guşak kemeriniň boş ujuny saklaýar. Teletin güýçlendiriji guşakda toka üçin deşiklerini çolaşmakdan goraýar, guşagyň özüni bolsa deşikleriň ýanyndan tozmazlykdan goraýar.
ÝANGYN GULLUGYNYŇ ŞLEM-KASKASY
Gabarit ölçegleri, köp däl, mm: 315х250х225
Şlemiň agramy, kg, köp däl: 1,5
Ýokary temperaturalaryň täsirinden gorag
150°С dowamynda, min: 30200°С dowamynda, min: 3
Ýylylyk akymynyň täsirinden gorag, kuwwaty, kWt/m2: 5
Agressiw gurşawlaryň täsirinden gorag:
- kükürt turşusy, dykyzlygy, g/sm3: 1,21
-natriniň gidrookisi, dykyzlygy, g/sm3: 1,25
-transformator ýagy, dykyzlygy, g/sm3: 0,875-0,9
-köpürjik emele getiriji iş ergini, % - 6
-elektrik togundan zeperlenmekden gorag, V: 400
TELETIN ÄDIK, POLAT DABANLYK WE DEŞILMEGINE GARŞY PETEKLI
aşakdaky ýaly goragy bardyr: ýokary temperaturalardan, suwdan, dabanynyň ýiti närselerden deşilmeginden, burun böleginde urgulardan. Aýakgabyň dabany antistatiki, ýaglara hem-de gowşak turşulara we aşgarlara durnukly materialdan taýýarlanandyr.
- suw geçirmeýän teletin 180 minutdan artyk wagtyň dowamynda öllenmekden goraýar;
- oda çydamly serişde bilen goralan oda durnukly tikinleri;
- barmaklary goramak üçin gyralary rezinlenen polat daban;
- deşilmegine garşy petek;
- ýylylyga durnukly, antistatiki dabany ýokary we pes temperaturalaryň täsirine durnuklydyr, oda çydamlydyr, typmakdan goralandyr;
- ökjäniň aşagynda goşmaça teletin gorag gaty;
- topugyň ýanynda gorag amortizasiýa gatlary;
- gonjuň üstünden aýaga gowy ýapyşmagy üçin ýumşak gatlar;
- tiz geýmek üçin teletin gaýyşlar;
- kümüşsow reňkli oda ýanmaýan ýagtylyk serpikdiriji bölek.
ÝANGYN SÖNDÜRIJILER ÜÇIN ELLIK
Kepillikli ulanyş möhletiГарантийный срок эксплуатации - 12 месяцев со дня поставки.
-bäş barmakly ellik ýokary temperaturalara çydamly we çyga durnukly teletinden taýýarlanandyr, onuň galyňlygy 1,1 mm.
-elligiň barmaklaryň bogunlaryny goramak üçin arka ýüzünde goşmaça gaty we eliň bilegini goramak üçin aýa böleginde goşmaça gaty bardyr.
-başam barmakda, orta barmakda we ogulhajat barmakda tikiniň goragy bardyr.
-elligiň içinden goşaryň ýanynda elligi ele berkidýän çekiji lenta bardyr.
-elligiň ýokarky giňelip gidýän bölegi Velcro materialyndan sazlanýan ilikli kesimden taýýarlanandyr.
-elligiň ýylylyk örtükli trikotaž içligi 100% Kevlar materialyndan taýýarlanandyr.
-Ellik Kevlar ýüpi bilen tikilendir.
DIELEKTRIK ÖNÜM
dürli häsiýetli işlerde adamyň elektrik toguna urulmagyndan gorag serişdesi bolup durýar. Dielektrik ellik, botlar, galoşlar we beýleki aýakgaplar rezinden taýýarlanmak bilen üsti ýapyk jaýlarda ýyladyjy abzallardan azyndan 0,5 m aralykda saklanmalydyr. Saklanan wagtynda dielektrik önümi göni düşýän gün şöhlelerinden goramalydyr hem-de ýaglar, benzin, kerosin, turşular, aşgarlar we rezini berbatlaýjy beýleki maddalar bilen galtaşmagyna ýol bermeli däldir.
Dielektrik botlar
Ölçegi: 41-46
Agramy: 0,86 kg
Gabynyň ölçegleri: 350 X 200 X 100 мм
Gabyň agramy: 1.4 кг
Dielektrik ellik
Saklanyş möhleti 6 aý
Uzynlygy, 360 mm
Agzynyň ini, mm 145 ± 10
Elligiň galyňlygy, 12 mm
Dielektrik düşekçe
Ölçegleri: 750*750 mm