Ýangyndan tiz söndürmek we ýangynyň ýaýramagynyň öňüni almak – esasy wezipe bolup durýar, ot söndüriji ýaly ilkinji serişde bu wezipäniň hötdesinden gelmek üçin niýetlenendir. Ähli enjamlar birnäçe görnüşlere, toparlara bölünýärler hem-de belli bir maksada hyzmat edip, amaly ulanyşy boýunça tapawutlanýarlar.
-Toz görnüşli ot söndüriji ýangynlaryň köp görnüşlerinde we 1000 wolta çenli iş güýjemeli elektrik gurluşlarynda ulanylýar. Toz umumy we ýörite ulanyş görnüşinde bolýar.
-Gaz gurluşlary iki topara bölünýär. Kömürturşy gaz gurluşlary – uçgunlaýan simleriň, ýeňil tutaşýan suwuklyklaryň ýangynynda netijeli ulanylýar.
-Aerozolly gaz gurluşlary – pürkülýän garyndy hladondan ýa-da bromly etilden ybaratdyr olar güýçli bug örtügini emele getirýärler.
-Suwly gaz gurluşlary – ekologiki nukdaý nazardan netijeli hasaplanýarlar we gaty materiallary söndürmekde ulanylýar. Eger-de suwda himiki komponentler bolsa, onda şular ýaly dolduryjyny ýanyjy suwuk maddalaryň garşysyna ulanýarlar.
-Köpürjikli ot söndürijiler has giňden ulanylýar. Onuň işjeň komponenti aşgaryň we turşunyň düzüminden ybaratdyr, olar köpürjigi bol emele getirýärler. Gaty we suwuk görnüşli maddalar bilen oduň täsiriniň ilkinji basgançaklarynda ulanylýar.
-Howa-köpürjik enjamy şu toparda enjamlaryň bir görnüşidir we ýangynlaryň uly bolmadyk meýdanyny söndürmäge niýetlenendir. Tok güýjemeli desgalary söndürmek üçin ulanmaga niýetlenen däldir.
TOZLY OT SÖNDÜRIJILER
- ýangyny söndürmegiň uniwersal serişdesidir we gaty maddalary, ýanyjy suwuklyklary, gazlary we iş güýjemesi 1000 W çenli elektrik gurluşlaryny söndürmek üçin niýetlenendir (ýangyn toparlary А, В, С, Е). Tozly ot söndürijileri (rusça ОП) aşakdaky ýaly görnüşlerde çykarylýar:
-elden dolandyrylýan
-göçme
Tozly ot söndürijiler ýangyna garşy gorag üçin ulanylýar: jemgyýetçilik, söwda we senagat desgalarynda, ýaşaýyş, ofis jaýlarynda, myhmanhanalarda, ulag we beýleki desgalarynda (awtoparklar, awtobazalar, garažlar).
Tozly söndürijiler howanyň elýeterligi bolmazdan ýanýan maddalary (alýumin, magniý we olaryň erginleri, natriý, kaliý) söndürmek üçin niýetlenen däldir. Tozly söndürijileri toz düşen ýagdaýynda hatardan çykyp biljek enjamlary söndürmek üçin ulanmaly däldir (EHM, elektron enjamlary, kollektor görnüşli elektrik maşynlary we ş.m.-ler).
KÖMÜRTURŞY SÖNDÜRIJILER
Kislorod gelmezden ýanmagy dowam edip bilmeýän dürli maddalary söndürmek üçin ulanylýar.
Kömürturşy söndürijiler şu aşakdakylary söndürmek üçin ulanylýar:
- ýanyjy suwuklyklary
- ýanyjy gazlar
- 10 000 W çenli güýjemeli elektrik enjamlaryny.
Şulary söndürmek üçin ulanylmaýar:
- kislorod gelmezden ýanmagy dowam edip bilýän gaty ýanyjy maddalary.
- alýuminiý, magniý we olaryň erginleri, natriý, kaliý.
- 10 000 W-den ýokary güýjemeli elektrik enjamlary.
"ŞAR-1" ÖZ-ÖZÜNDEN IŞLEÝÄN TOZAN GÖRNÜŞLI OT SÖNDÜRIJI
Ýokary tizlikli öz-ňzünden işleýän toz ot söndürijisi birnäçe artykmaçlyklara eýedir:
-Partlama pursatynda daşky gurşawa zelel ýetirmeýär.
ŞAR-1 ot bilen galtaşandan soň 3 sekundyň dowamynda öz-özünden işjeňleşýär, soňra emele ýüze çykan ýangyny söndürýär.
- Ýangyn söndüriji şar işjeňleşdirilen pursatyndan başlap şar 138 desibel ses berýär. Şeýlelik-de, jaýda ýangyn dörändigi hakynda adamlara habar berilýär.
-Şaryň takmynan agramy 1.3 kilogramma barabardyr. Şunuň netijesinde zerurlyk ýüze çykan halatynda ondan aýallar hem, hatda gartaşan adamlar hem peýdalanyp bilerler.
- Munuň üçin ýangynyň döremek töwekgelçiligi bolan ýerine ýangyn söndüriji şary ýönekeý usulda taşlamak ýeterlikdir.
-ŞAR-1 ýangyn dörän ýagdaýynda hiç bir mehaniki täsir ediş zerurlygy bolmazdan el üstünden hem, awtomatiki usulda hem ulanyp bilner. 80 gradusa çenli gyzan ýagdaýynda ŞAR-1 öz-özünden partlaýar.
-Ýangyn söndüriji enjamlaryň beýleki görnüşleri bilen deňeşdirilende pes bahasy bilen ep-esli tapawutlanýar.
PIROSTIKERLER (öz-özünden işleýän, öz-özünden ýelimlenýän)
Kompozitli material – pirostikeriň birleşdiriji esasynda ot söndüriji suwuklyk bolup, ol 10 mikrometrden 50 mikrometre çenli ölçegdäki ýokary berkligi bolan ýukajyk mikrokapsulalarda saklanýar.
Esasy ulanylýan ýerleri:
Elektroşit, paýlaýyş gutulary, elektrik şkaflary, dolandyryş şkaflary, kommutasiýalar, dolandyryş nokatlary, elektrik hereketlendirijileri, serwer seýfleri, bank gutulary, elektrik rozetkasy, jogapkär abzallar we mehanizmler, arhiw we kitaphana saklawhanalary, gymmat bahaly zatlar üçin kiçi gabaritli saklawhanalar.