IT-TEHNOLOGIÝALAR WE WIDEOGÖZEGÇILIK

Köp sanly desgalarda wideogözegçilik howpsuzlygy üpjün etmegiň esasy, kähalatda bolsa ýeke-täk serişdesine öwrüldi. Wideogözegçilik kameralary häzirki wagtda islendik ýerlerde duş gelýärler. Ofisler, dükanlar, ammarlar, ulag serişdeleri, ýaşaýyş jaýlary... Wideogözegçilik ulgamlarynyň meşhurlygy ozaly bilen olaryň çäkleri, emläkleri goramakda we hususy howpsuzlygy üpjün etmekde netijeliligi bilen düşündirilýär.

Elýeterlige gözegçilik we dolandyryş ulgamlary, şeýle hem gorag-ýangyn signalizasiýasy ulgamlary bilen integrirlenen wideogözegçilik ulgamy has netijeli hasaplanýar. Gorag signalizasiýasy bilen integrasiýasy ulgamy has ýönekeýleşdirmäge we  optimizirlemäge mümkinçilik berýär.  Mundan başga-da, beýleki ähli artykmaçlyklary bilen bilelikde goralýan desgada fors-mažor ýagdaýlary ýüze çykan halatynda adam faktorynyň ýüze çykmagyny aradan aýrar. Şular ýaly ýagdaýlarda ulgamyň özi adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykan ýerini görkezip biler.  Howpsuzlyk ulgamyna girýän beýleki ulgamlardan galagolply signalyň gelip gowşan pursatyna displeýde adatdan daşary ýagdaýyň zolagy görkeziler.

Faýl arhiwi, maglumatlar binýady we ätiýaçlyk üçin nusgalama – häzirki zaman ofisi üçin ýaşaýyş ähmiýetli zerur komponentler bolup durýarlar. Hatda ýekeje resminamanyň ýitirilmegi hem kompaniýanyň işinde bökdençliklere we ep-esli maliýe ýitgilerine getirip biler. Aýratyn hem 1С buhgalteriýasynyň bazasyndaky maglumatlar uly ähmiýete eýedir. Faýllaryň ygtyýarly saklanmagyny guramak üçin ýörite apparat üpjünçiligi teklip edilýär – Maglumatlaryň Ulgamlaýyn saklawy. Maglumatlaryň birnäçe disklerde öwezlik nusgalarynyň döredilmegi netijesinde iş öndürijiligini saklamak bilen ýokary ygtybarlylyk gazanylýar.

Maglumatlaryň ätiýaçlyk nusgalanmagy we buhgalteriýanyň kompýuterleriniň ygtyýarly işi görkezilen ulgamlar bilen üpjün edilýär. 

Toplumlaýjylar bilen üpjün edilen ulgamça saklawhanalaryndan başga-da biz maglumatlary saklaýyş ulgamlaryny gurnamak, sazlamak we olara hyzmat etmek boýunça serwisi teklip edýäris.

Maglumatlary saklamak boýunça hyzmatlaryň toplumyna öňünden sazlama we enjamlaryň ýerindäki gutarnykly sazlama işleri, beýleki maglumat ulgamlary – elýeterlige gözegçilik we dolandyryş ulgamy, wideogözegçilik we beýleki ulgamlar  bilen integrasiýa hem girýär.

JAÝLAR WE DAŞ ARALYKDAKY DESGALAR ÜÇIN DAŞ ARALYKDAN GÖZEGÇILILIK WE DOLANDYRMAK 

Şu aşakdakylar üpjün edýän ulgamdyr: 

Aşa gyzmakdan klimatik gözegçiligi 

Howanyň temperaturasynyň haçan ýokary galyp başlajakdygyny öňünden bilmelidir, munuň özi serwer enjamlarynyň zeperlenmeginden goramak üçin zerurdyr. Baglanan dolandyryş relesi bolan kabul ediş modulyna SMS-habaryny ibermek bilen serwer enjamlarynyň goşmaça sowatma gurluşyny işlediň.

Güýjeme tapawutlanmalaryna gözegçilik 

Ulgamy üznüksiz tok çeşmesiniň öňünde gurnaň we elektrik togunyň islendik bökdençlikleri barada habarlary alyň. Ikinji çeşmä gözegçilik etmek üçin 220@ tok ulgamynyň bardygyna goşmaça sensordan peýdalanyň. Ýönekeý SMS-habarlary ibermek bilen islendik elektrik enjamyny çatyň ýa-da öçüriň.

Temperaturanyň ýokary takyklykdaky monitoringi 

Ulgamyň temperaturasynyň sensorlarynyň ýalňyşlyklaryň ýüze çykmagyň pes derejede bolmagy temperatura gözegçilik etmegiň iň bir çylşyrymly meselelerini çözmäge ýardam eder. Sensorlar položitel we otrisatel temperaturalaryny birmeňzeş derejede gowy ölçemäge ukyplydyr.  

Jaýyň goşmaça parametrlerine gözegçilik 

Zerur sensorlary baglaşdyryň: olara syzyp akmalar, hereketler, çyglylyk, turbadaky basyş, suwuklygyň derejesi ýaly sensorlar degişlidir we serwer, ammar, jaý ýa-da beýleki wajyp desgalara doly gözegçiligi ele alyň.

Sakçylar pultuna galagolply signal  

Islendik näsazlyklara gaýragoýulmasyz jogap bermek üçin sakçylar pultuna sesli we yşykly-sesli signalizasiýany çykarmaly.