YGTYÝARLYGA GÖZEGÇILIK ER DOLANDYRYŞ ULGAMLARY

Elektron geçiriş nokatlary – edaralaryň we kärhanalaryň geçiriş nokatlarynda elýeterlik gözegçiligi ulgamyny has ýönekeý  we amatly usul arkaly gurnamaga ýardam edýän taýýar çözgütlerdir. Elektron geçiriş nokatlary turniketler görnüşinde bolýar ýöne eleýeterlige gözegçilik ulgamlarynyň tutuş elektronikasyny öz içine alýarlar.

Elektron geçiriş nokatlary elýeterlige gözegçiligiň we ony dolandyryşyň aýratyn ulgamy görnüşinde hem işläp bilerler, şonuň ýaly-da wideogözegçilik ulgamlary bilen integrirlenen bitewi howpsuzlyk ulgamynyň düzüminde hem işläp bilerler. 

Häzirki zaman gözleg ulgamlary esasan üç sany wezipeleri ýerine ýetirmäge niýetlenendir: 

-Işgärleriň hereketine gözegçiligi gurnamak. Zähmeti dogry gurnamak. Her bir ulanyja desganyň gorag ulgamy tarapyndan anyklanmagy üçin bir açary (“Touch Memory” ýa-da   «Proximity» kartyny) bermek ýeterlikdir.

-Işgärleriň boş aýlanyp ýörmeginiň öňüni almak mümkinçiligi.

-Hasaba alyşy gurnamak.
Iş wagtyny hasaba alyş ulgamyny döretmek (kärhananyň çäginden ýa-da iş ornundan işgäriň gelişine/gidişine derňewiň esasynda). Elýeterlik zolagyna çenli takyklyk bilen işgäriň desgada bolmagyna gözegçilik.

-Kärhananyň goragyny gurnamak.
Elýeterlige gözegçilik ulgamynyň gorag-ýangyn signalizasiýasy ulgamy we habar ediş ulgamy bilen integrasiýasy howpsuzlyk meselelerini toplumlaýyn çözmek.  Ygtyýarlandyrylmadyk elýeterlige, gapylary döwüp açmaga we ş.m.-lere synanyşyklara ulgamyň gorag komponentiniň jogabyny üpjün etmek.  Işgäriň elýeterlik zolagyna geçmegi boýunça jaýlary awtomatik usulda goraga goýmak/goragdan aýyrmak mümkinçiligi. Ýangyn ýüze çykanda erkin elýeterligiň berilmegi.

DERWEZE ÜÇIN AWTOMATIKA 

munuň özi awtomobilden çykmazdan derwezäni açmaga we ýapmaga mümkinçilik berýän  häzirki zaman abzallarynyň toplumydyr.  Şu gurluşyk täze gurnawlara hem, öňden birnäçe ýyldan bäri işläp ýören derwezä hem gurnalyp bilýändigini bellemek gerekdir.    

Awtomatiki derweze üçin niýetlenen häzirki zaman elektrik herekete getirijileri buýrujynyň obýektiniň aýratynlygyny, derwezäniň görnüşini, işiň depginini hasaba almak bilen saýlap alýarlar.  Awtomatlaşdyrylan gurluşlary saýlanda beýiklik, gabsalarynyň ini we agramy ýaly derwezäniň şahsy aýratynlyklaryny hasaba almak gerekdir.  

Biziň hünärmenlerimiz derwezäni açmak we ýapmak üçin ulgamy saýlamaga ýardam ederler. Biziň hünärmenlerimiziň maslahatlaryny hasaba almak bilen iki tarapa açylýan derweze üçin elektrik herekete getirijisi müşderiniň hem ähli isleglerini kanagatlandyrar. Girişde açmak/ýapmak dolandyryşy aralykdan dolandyrylýan pultlar arkaly hem, barlag-goýberiş nokadynda gurnalan dolandyryş pulty arkaly hem amala aşyrylýar.