NASOSY DOLANDYRYŞ ŞKAFY ШУН-18-ШУН110
Nasosy dolandyryş şkafy nasos stansiýasynyň elektrik herekete getiriji gurluşyny dolandyrmak üçin niýetlenendir. .
Nasosy dolandyryş şkafy ППКПУ bilen bilelikde ýa-da awtonom usulda elektrik herekete getirijisini dolandyrmak üçin ulanyp biler.
DOLANDYRYŞ ŞKAFY ШУ
Dolandyryş şkafy desganyň dürli inženerçilik ulgamlarynyň elektrik herekete getirijisini dolandyrmak üçin niýetlenendir. ШУ ППКП we ППКОП bilen ýa-da awtonom usulda ulanyp biler.
МДУ-1 TÜSSÄNI AÝRYJY MODUL
МДУ-1 исп.1 (1-nji ýerine ýetiriş) tüssäni aýryjy klapany dolandyryjy modul klapanyň el üstünden yzyna gaýtarylýan mehanizmi bolan elektrik herekete getirijisini ýa-da tüsse aýryjy klapanyň gapajygynyň okuna ýa-da ot saklaýjy klapana gurnalýan yzyna gaýtaryjy ýaýjykly elektromehaniki elektrik herekete getirijisini dolandyrmak üçin niýetlenendir. Kabul ediş we gözegçilik abzalynyň dolandyryşy astynda salgy ulgamynyň düzüminde işleýär.
TÜSSE AÝRYJY MODUL
МДУ-1 ИСП.2, ИСП.3 (2-nji we 3-nji ýerine ýetiriş)
МДУ-1 исп.2, исп.3 (2-nji we 3-nji ýerine ýetiriş) tüsse aýryjy klapany ýa-da ody saklaýjy klapany dolandyryş modullary düwmeli nokatdan el üstünden ýa-da kabul ediş we gözegçilik abzalyndan awtomatiki usulda klapany dolandyrmak üçin niýetlenendir. Kabul ediş we gözegçilik abzalynyň dolandyryşy astynda salgy ulgamynyň düzüminde işleýär.