“AKYLLY ÖÝ” ÖÝ AWTOMATIZASIÝA ULGAMY

Akylly öý (iňlisçe smart home, şeýle-de home automation) şu babatda — adam gatnaşmazdan hereketleri ýerine ýetirmäge we belli bir meseleleri çözmäge ukyply öý gurluşlarynyň toplumydyr. Şular ýaly hereketleriň  has ýygydan duş gelýän mysallary – çyrany awtomat usulda ýakmak we öçürmek, ýyladyş ulgamynyň ýa-da kondisioneriň işini awtomatiki üýtgetmek, öýe zorluk bilen girlendigi, ýangyn ýa-da suwuň syzyp akmagy barada habar bermek. Habar bermeklik we öý abzallarynyň dolandyrmak internet baglanyşygy arkaly (el telefony ýa-da planşet) daş aralykdan  amala aşyrylýar. Häzirki zaman şertlerinde öýdäki awtomatlaşdyryş ulgamy – diýseň “başarjaň” ulgamdyr, ulanyjy ony öz isleglerine baglylykda özbaşdak gurýar we sazlaýar. Munuň özi akylly öýüň her bir eýesiniň nähili gurluşlary we olary nirede gurnamalydygyny, olaryň nähili wezipeleri we nähili görnüşde ýerine ýetirmegini özbaşdak kesgitleýändigini aňladýar.