HK "ASYLLY"

“Asylly” HK Türkmenistanyň bazarynda on ýyl bäri üstünlikli işläp gelýär. Kompaniýamyzyň amala aşyrýan esasy iş görnüşlerine  ýangyna garşy howpsuzlyk ulgamlarynyň doly toplumyny, elýeterligi çäklendiriji ulgamlary, wideogözegçilik ulgamlaryny, dolandyryş we gözegçilik ulgamlaryny, içki inženerçilik ulgamlaryny, şeýle hem IT-struktura çygrynda ugurlary we taslamalary üpjün etmekden we gurnamakdan  ybaratdyr.

 Biz awtomatik ýangyn söndüriş ulgamlarynyň ähli görnüşlerini gurnaýarys. Olara suwly, köpürjikli, tozly we gazly gurluşlar degişlidirler. Gurnama işlerini kompaniýanyň aýry-aýry kärler boýunça ýöriteleşdirilen hünärmenleri ýerine ýetirýärler, munuň özi işleriň ýokary hilini, toplumlaýyn synaglaryň üstünlikli geçirilmegini we ulgamlaryň uzak möhletde işini  üpjün edýär.  

 Meşhur öndürijileriň hut özünden inwentaryň we esbaplaryň getirilmegi, hünär enjamlarynyň we toplumlaýjy şaýlaryň dürli görnüşleriniň bolmagy, howpsuzlyk ulgamlarynyň, wideogözegçilik ulgamlarynyň, şeýle hem ýöriteleşdirilen enjamlaryň hyzmat ediş/gurnama işlerini ýerine ýetirmek mümkinçilikleri bize birkysmy çözgütleri teklip etmäge we şahsy taslamalary ýerine ýetirmäge we biziň buýrujylarymyzyň isleglerini doly kanagatlandyrmaga ýardam edýär.

Işleri tabşyrmak we enjamlary gurnamak bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilýär, bu bolsa “Asylly” HK-niň hünärmenler toparyna Türkmenistanyň bütin çäginde islendik çylşyrymlylyk derejesine eýe bolan ulgamlary üstünlikli taslamalaşdyrmaga we gurnamaga mümkinçilik berýär. Biziň kompaniýamyzyň üstünligi buýrujynyň isleglerine laýyklykda utgaşdyrylan we doly toplumdaky çözgütleri bermeklige esaslanýar. Kompaniýamyz Siziň üçin ygtybarly üpjün ediji bolmak bilen, Size has amatly şertleri, oňşukly bahalary, enjamlaryň has baý we täzelenip duran görnüşlerini, ýokary hünär hyzmatyny, köp ýyllyk iş tejribesini bermäge ukyply hyzmatdaşyňyz bolar.

        Islendik enjam gurnalandan soň, “Asylly” HK bir ýyllyk kepillikli hyzmaty we anyklaýyş işlerini muzdsuz ýerine ýetirýär.